-
19
Ýanwar
«Maşgalam — göwher gaşym» ady bilen maslahat geçirildi
Aşgabat şäher Köpetdag etrap Zenanlar bölüminiň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda «Maşgalam — göwher gaşym» ady bilen maslahat geçirildi.
Gelin-gyzlaryň edep- ekramy, gözelligi, gadym döwürlerden bäri biziň nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde waspy ýetirlip gelipdir. Şu günki maslahatda çykyş edenler gelin-gyzlarymyzyň päkizeligi, olaryň edep-ekramy, mara deňelen uzyn gara saçlary hakynda aýdyp geçmek bilen gelejekde ol gyzlaryň maşgala binýadynyň eýesi boljaklygy, şonuň üçin hem ene-mamalarmyzdan gelýän iň gowy ýol-ýörelgelerini nusga edinmekleri hakynda maslahat berdiler. Biziň enelerimiz , zenanlarymyz şu günki ýaş gyzlarymyza ähli babatda durmuşda görelde bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Özüniň her bir çykyşlarynda hem biziň ýaşlarmyzy ata-babalarymyzyň, ene-mamalarmyzyň öňden gelýän ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelenmelidigini nygtaýar. Maslahatda çykyş eden halypa kärdeşlerimiz , çykyşlarynyň ahyrynda zenanlarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.