MASLAHAT GEÇIRILDI

  • Maslahat geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin.” diýen tabşyrygyndan ugur alyp, ýaşlar syýasaty bilen bagly ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek babatda maslahaty geçirildi.

    Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň: “Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr” diýen sözlerinden ugur alyp ýaşlary ylymda, bilimde, medeniýetde iň öňdebaryjy ýaşlar hökmünde ýetişdirmek ugrunda täsirli çykyşlary etdiler.

    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.