“MEDENIÝET-YNSAN KÖŇLÜNIŇ NURY”

  • “Medeniýet-ynsan köňlüniň nury”

    “Medeniýet-ynsan köňlüniň nury”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli “Medeniýet-ynsan köňlüniň nury” atly edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamyna medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ussat halypalar çagyryldy. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler barada hem-de ýakynda uly dabara bilen billenilip geçiljek “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günine” görülýän taýýarlyklar barada gürrüň etdiler.

          Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde edýän aladalary üçin köp sag bolsun aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.