TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI «GADAMY BATLY, BAKY ŞÖHRATLY BEDEW» ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK WE KITAP SERGISI GEÇIRILDI

  • Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Gadamy batly, baky şöhratly bedew» ady bilen söhbetdeşlik we kitap sergisi geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli „Gadamy batly, baky şöhratly bedew“ ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden halypa kitaphana işgärleri, ýaş kitaphanaçylar “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen behişti bedewlerine goýulýan çäksiz hormat hakynda, Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlermizi wasp edýän “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”,”Gadamy batly bedew”,”Atda wepa-da bar, sapa-da”atly ajaýyp eserlerinden täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň çäginde türkmen bedewleriniň waspyny ýetirýän kitap sergisi gurnaldy. “ Gadamy batly, baky şöhratly bedew “ atly söhbetdeşlige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.