“TÜRKMEN MEDENIÝETI, TÜRKMEN SUNGATY” ATLY EDEBI DUŞUŞYK DABARASY

  • “Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” atly edebi duşuşyk dabarasy

    “Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” atly edebi duşuşyk dabarasy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň gurnamagynda – “Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” atly edebi duşuşyk dabarasy geçirildi.

                Diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda  “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet” gününiň  giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär.

    “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary ýurdumyzda giňden bellenilýär, türkmen milli sungatynyň şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýändigi  dogrusynda dabara gatnaşyjylar bellläp geçdiler.

    Edebi duşuşyk dabaranyň çäginde “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli Döwlet kitaphanasynda aýratyn tapawutlanyp zähmet çeken ýaşlaryň birnäçesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

    Dabaranyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly  işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.