-
03
Fewral
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 03.02.2025 güni Aşgabat şäherinde yerleşen Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary bilen geçiren gezelenjiniň we döredijilik duşuşygynyň ýazgysy.
Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar.Gezelenjiň çäklerinde mekdep okuwçylary Döwlet kitaphanasy bilen tanyş boldylar hem-de şol kitaphanada işleýän döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirdiler.Duşuşykda ýazyjy-şahyrlar kitap hakynda,okamaklyk hakynda goşgy okadylar şeýle hem ýaş nesilleimiz hakynda ýazylan gysgajyk ertekilerdir, hekaýalary okap berdiler.
Döredijilik duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşyjylar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.