TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA “GARAŞSYZLYKDAN GALKYNÝAN MEDENIÝET“ ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞUGY

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet            kitaphanasynda “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet“ atly döredijilik duşuşugy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet“ atly döredijilik duşuşugy

    Döwlet kitaphanasynda toý serpaýly ildeşlermiziň gatnaşmagynda geçirilýän “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly çärä - türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda öz saldamly goşandyny goşýan medeniýet we sungat işgärleri, toý serpaýly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky sazly drama teatryndan Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarow, Baş Akademiki drama teatryndan Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Babylowa, Aşgabat şäher häkimliginiň Bagt köşgi toý dabaralar merkeziniň, medeni usulýet merkeziniň däp-dessur boýunça baş hünärmeni, Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Mamajan Akyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaberdi Orazmamedowdagylar öz çykyşlary bilen her bir kitaphanaçylarda, dabara gatnaşyjylarda gyzykly täsirlerni galdyrdylar.

        Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpalary üçin Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.