-
22
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Seýrek neşirler bölümi bilen Bibliografiýa bölümi billelikde “ Adamzadyň paýhas ummany-Arkadag hem Pyragy”- atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmegi Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi bilen Bibliografiýa bölüminiň billelikde gurnamagynda “Adamzadyň paýhas ummany – Arkadag hem Pyragy”- atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanamyzyň baý gaznasyndan “Arkadag hem Pyragy – köňüller şamçyragy” atly kitap sergi hem gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly ajaýyp kitabynda: – Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir – diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.