-
21
Maý
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen halysy-türkmeniň kalby “ ady bilen haly baýramçylygy mynasybetli edebi duşuşyk agşamy geçirildi.
Dabara gatnaşan myhmanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy
gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny
öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýändigi, il-günüň
kalbyna deňelýän, nepis we owadan halylarmyz medeni mirasymyzyň iň
ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýändigini belläp geçdiler.
Haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly hem kämil mirasydyr. Halylar
ussat gelin-gyzlarmyzyň köp asyrlyk döredijilikli zähmetiniň miwesidir.
Halkymyzyň näçe wagt geçsede synmadyk beýik sungatynyň ýagny
türkmeniň deňsiz taýsyz gözel halysy barada söhbet etmek üçin gelen
myhmanlaryň beren gyzykly gürrüňleri, haly önümlerinden guralan
sergiler okyjylarda we dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda myhmanlar – Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözlerini aýtdylar.