-
14
Awgust
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Söhbetdeşlikde çykyş edenler täze taryhy döwrümizde beýik söz ussady
Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy hazyna ruhy medeniýetiniň hazynasyna
giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk,ynsanperwerlik,watançylyk duýgularyny
terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny
öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýaşlarda watansöýüji, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly,ylmy-bilimli, sagdyn
bedenli, ruhy hem ahlak taýdan arassa ýaşlar jemgyýetimiziň esasy sütünidir.Ýaş
nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde uly
tagallalaryň edilýänligi hakynda gürrüň etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar bular
hakynda hem durup geçmek bilen öz söhbetleriniň ahyrynda Gahryman
Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.