TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY,TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY, HALYPA ŞAHYR GÖZEL ŞAGULYÝEWA BILEN OKYJYLARYŇ DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany,Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň  döredijilik  duşuşygy geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany,Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi.

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany,Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa  şahyr  Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň  döredijilik  duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gözel Şagulyýewa özüniň täze ýazan ajaýyp goşgularyny okady.Soňra Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň şu günki ýaş nesillerimiziň bagty üçin alyp barýan beýik işleri, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle hem şu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap “Belent boýly ussadym” atly ajaýyp kitaby hakynda söhbet etdi. Şeýle hem halypa şahyr  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni bilen hemmeleri gutlady we  bu uly toýa görülýän taýýarlyk barada giňişleýin söhbet etdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşan okyjylar bilen sorag-jogap alyşyldy.

         Halypa şahyr  Gözel Şagulyýewa söhbetiniň soňunda bize şu ajaýyp döwri beren türkmen halkymyzyň Milli  Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz,Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,umumyadamzat bähbitli  beýik işleriniň rowaç  bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.