-
13
Iýun
“XX asyryň neşirleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň
Bibliografiýa bölümi tarapyndan “XX asyryň neşirleri Magtymguly Pyragynyň
edebi mirasy barada” ady bilen “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen
bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
asyrlaryň dowamynda dünýä halklarynyň söýgüsini gazanyp gelýär. Bu barada XX
asyryň neşirlerinde türkmen we dünýä halklarynyň alymlarynyň, ýazyjy-
şahyrlarynyň, terjimeçileriniň Magtymguly şahyr barada ýazan makalalaryny,
goşgularyny, terjime edilen eserlerini okanyňda hem aýdyň bolýandygyny
söhbetdeşlikde nygtap geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda çap bolan birnäçe maglumatlardan mysallar
getirildi, şol maglumatlar esasynda ýazylýan bibliografiýa görkezijiler barada
söhbet edildi. Şahyryň öz ýazan goşgusyndan okaldy we türkmen halkynyň milli
Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
kitaplarynda Magtymguly Pyraga uly orun berilendigini aýdyp, ol kitaplardan hem
paýhasly jümleler beýan edilendigi hakynda söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň
ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag
bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdiler.