BIZIŇ TÄZELIKLERIMIZ

  • “Gyz edebi gyzyl gül” atly wagyz nesihat çäresi.

    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda wagyz nesihat çäresi geçirildi. Türkmen halky gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy, edebini bolsa namys tugy hasaplapdyrlar. Çärä gatnaşan myhmanlar Gyz maşgala enesinden öwüt- ündew alyp, ony durmuş çelgisine öwürýärler diýip bellediler. Zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagşylygy ýaran edinmek halkymyzyň üýtgewsiz durmuş ýörelgesidir. Çärä gatnaşanlar sözüniň soňunda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar we onuň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

  • Bitaraplygymyzyň 25 ýyly mynasybýetli Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphasy bilen bilelikde geçirlen maslahaty

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphasynyň ilkinji partiýa guramasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan bilelikde “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi. Onda Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleri barada şeýle-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirmekde hemmämiziň mukaddes borjumyzdygy nygtaldy. Döwlet kitaphanasynda ençeme ýyllap, tapawutly işlän kitaphana işgärleriniň birnäçesine höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Arkadagly Watan – bagtyýar döwür” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy

    Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Watan – bagtyýar döwür” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler: Kömek Kulyýew – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýazyjy; Gülşirin Hanowa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, şahyra; Oguljemal Orazdurdyýewa - Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň I derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri; Ogultagan Orazgulyýewa – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň esasy kitaphanaçysy, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň eýesi. “Arkadagly Watan – bagtyýar döwür” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarada çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy we alnyp barylýan halk bähbitli işler barada nygtap geçdiler we Hormatly Prezidentimize jan-saglyk, işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

  • “Dünýä meşhur şanyň türkmen halysy”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Dünýä meşhur şanyň türkmen halysy” atly hünärmenleriň arasyndal dabara geçirildi. . Dabara ýerleri kitaphana işgärlei, ýazyjy-şahyrlar, halyçylar we okyjylar gatnaşdylar. Il-güniň kalbyna deňelýän, nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýär. Gadymy däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza çuňňur sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz haly sungatyny mukaddeslik derejesine ýetirip, türkmen halysynyň şan-şöhratynyň äleme ýaýylmagyna giň ýol açdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halyçylyk sungaty ösüşiň şaýoluna düşdi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dabaranyň çäginde “Gözellik göwheri-türkmen halysy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

  • “Arkadagyň ýoly bilen Bitaraplyk toýy bu gün”

    “Arkadagyň ýoly bilen Bitaraplyk toýy bu gün” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara dürli ýerlerden myhmanlar, ýazyjy-şahyrlar , kitaphanaçylar we okyjylar gatnaşdylar. “Türkmenistan- rowaçlygyň Watany” ýylymyzda, Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 24-ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýar. Mähriban Arkadagymyz Hemişelik Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost- doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, dostlukly gatnaşyklary bu gün dünýä dolýar. Şol üstünlikli gatnaşyklaryň miwelerini bolsa Diýarymyzyň täze taryhynyň her bir sahypasynda görmek bolýar. Dabaranyň çäginde “Bitarap sen, berkarar sen Diýarym” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

  • “Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň dünýä jemgyýetçiligindäki orny”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli geçmegine bagyşlanyp “Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň dünýä jemgyýetçiligindäki orny” dogrusynda kitaphanaçylaryň arasynda giňişleýin söhbetdeşlik guraldy. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer işleri,dürli ýurtlar, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen goňşyçylyk, medeni- gumanitar, ykdysady, dost-doganlyk gatnaşyklary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Özbegistanda Hormatly Prezidentimiziň birnäçe ajaýyp eserleri özbek dillinde terjime edilip okyjylara ýetirildi.Olardan: “ Bagtyýarlyk- saglykdan başlanýar”, “Çaý- melhem hem ylham”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Janly rowaýat” we beýleki gymmatly kitaplary iki ýurdyň dost-doganlyk gatnaşyklarynda çuň mana eýedir. Iş saparyň çäklerinde Hormatly Prezidentimize Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň”hormatly akad emigi” diýen hormatly at berildi. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, özbek hem-de türkmen halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň barha ösýändigini nygtadylar.

  • “Beýik işleň rowaç alsyn Arkadagly Watanym!”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Milli Liderimiz tarapyndan Hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Milli Liderimiz tarapyndan Hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärlerine bagyşlap, “Beýik işleň rowaç alsyn Arkadagly Watanym!” atly edebi-sazly dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyga ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýaş teatr artistleri gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan uly işler barada hem-de bu ugurdan zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň öz goşýan goşandy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan gelen ýaş artistler öz gülküli sahnalary bilen çykyş etdiler. Bu dabaranyň çäklerinde “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, medeniýete we sungata degişli şeýle-de gazet-žurnalyň sahypalarynda medeniýet ulgamyna degişli makalalar ýerleşdirildi. we sungat işgärlerine bagyşlap, “Beýik işleň rowaç alsyn Arkadagly Watanym!” atly edebi-sazly dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyga ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýaş teatr artistleri gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan uly işler barada hem-de bu ugurdan zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň öz goşýan goşandy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan gelen ýaş artistler öz gülküli sahnalary bilen çykyş etdiler. Bu dabaranyň çäklerinde “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, medeniýete we sungata degişli şeýle-de gazet-žurnalyň sahypalarynda medeniýet ulgamyna degişli makalalar ýerleşdirildi.

  • Halkara sergi

    2019-njy ýylyň 5-6 njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynyň binasynda “Kitap- hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi- ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirildi. Bu sergi ýarmarkasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem sergi gurady. Indi adat bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän bu ýarmarka gatnaşanlar dürli ýurtlaryň edebiýatlary we neşir önümleri şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň kitaplary bilen tanyş boldular. Döwlet kitaphanasynyň guran sergisinde hormatly Prezidentimiziň ýazan ajaýyp eserleri, çeper edebiýatlar, şeýle hem edebi mirasymyza degişli kitaplar öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna şu ýylda şol geçirilen “Kitap- hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi- ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşanlygy üçin Diplom gowşuryldy. Şeýle halkara kitap sergi- ýarmarkasynyň guralmagy daşary ýurtlar bilen biziň ýurdumyzyň mundan beýläk hem dost-doganlyk, medeni gatnaşyklarynyň has hem pugtalanmagyna getirer.

  • Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.

    “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda we wagyz etmekde kitaplaryň tutýan orny” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy. Bu söhbetdeşlige Udmurdystan Respublikasynyň “Udmurtiýa” kitap neşirýatynyň baş redaktory Grýazýew G.G., Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgendäki uniwersitetiniň ylmy işgäri, “Magtymguly” neşirýatynyň ýolbaşçysy Orazmuhammet Sarly, Russiýanyň YA-nyň Sibir şahamçasynyň ylmy-tehniki institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Alişewskaýa S.N., şeýle-de milli “Galkynyş” kitap merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Myhmanlar öz zähmet çekýän pudaklary barada, kitap baýramçylygyna getiren neşir önümleri olaryň many-mazmuny barada täsirli gürrüň berdiler. Çykyşlarynyň dowamynda Türkmenistan döwleti, gözel paýtagtymyz barada örän buýsançly sözleri aýtdylar hem-de myhmansöýer türkmen topragyna gelip, türkmen halky bilen didarlaşmaga, tanyşmaga döredilen şeýle mümkinçilikler üçin çyn ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny bidirdiler. Halklaryň gadymy mirasyny öz sahypalarynda jemleýän kitaplary okyjylara wagyz etmekde hyzmat etmegiň döwrebap usullary baradaky kitaphana işgärleriniň çykyşlary hem täsirli boldy. Kitaplar hakykatdan hem dünýäniň haklaryny parahatçylyga, hyzmatdaşlyga çagyrýan dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigini “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy onuň çäklerinde geçirilen ylmy maslahat we paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni köpçülikleýin çäreler hem aňryýany bilen subut etdi.

  • “Berekediň egsilmesin, bol hasylly topragym ”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hasyl baýramy mynasybetli “Berekediň egsilmesin, bol hasylly topragym ” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyga ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri, tanymal ýazyjy-şahyrlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde oba hojalyk ulgamynda ýetilen sepgitler, edermen babadaýhanlarymyzyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda ýazyjylardyr-şahyrlar Gahryman Arkadagymyz barada, şeýle-de ýurdumyzdaky döwlet derejesindäki giňden bellenilýän hasyl baýramy mynasybetli ýazylan goşgulary bilen çykyş etdiler. Bu baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde “Berekediň egsilmesin, bol hasylly topragym” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, oba hojalygyna degişli ylmy kitaplar şeýle-de gazet-žurnal makalalarynda oba hojalygyna degişli makalalar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi baýramçylyk dabarasyna gatnaşan myhmanlarda oba hojalygynyň ösüşleri barada maglumat almaklaryna mümkinçilik döretdi.