BIZIŇ TÄZELIKLERIMIZ

  • “Türkmenistan öňe barýar eziz Arkadag bilen”

    Gatnaşanlar: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçylar topary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri we myhmanlar. Çykyş edenler: Ogulbeg Jumaýewa-„Nesil“ gazetiniň bölüm redaktory. Dursun Tekäýewa-„Adalat“ gazetiniň uly habarcysy. Oguljemal Orazdurdyýewa-Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy,Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri. Baýrambibi Ataýewa -Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň bölümçe müdüri. Jumaýewa O:. Milli medeniýetimiz, sungatymyz halkymyzyň ruhy ýüzüdir, aň-düşünje derejesidir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp mähriban Arkadagymyz milli medeniýetimizi, sungatymyzy gorap saklamaga, has-da ösdürmäge, baýlaşdyrmaga uly üns berip, bu ugurda döwlet derejesinde düýpli işleri amala aşyrýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine we kämilleşmegine uly goşant goşan medeniýet, sungat ussatlarymyz abraýly döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan ähli medeniýet we sungat işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler ýar bolsun! Tekäýewa D: Hormatly Prezidentimiziň: „Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi“ diýşi ýaly, Garaşsyzlyk olary-da berkarar Watanly etdi. Parahatçylygymyzyň , asuda asmanymyzyň kepili bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň gözbaşynda-da Garaşsyzlyk gudraty durandyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bellenilýän Garaşsyzlygyň 28 ýyllyk toýy bilen ähli ildeşlerimizi gutlady. Şeýle hem öz ýürek buýsanjyny „Ene“, „Arkadag“, „Ýaşa Garaşsyzlyk“ atly goşgularyny okap bermek bilen beýan etdi. Orazdurdyýewa O: Bäş müňýyllyk şöhratly geçmişi, şu günki bagtyýarlygy, aýdyň geljege bolan ynamy bilen ösüşlerden nurlanýan her güni belent sepgitleri nazarlaýan Garaşsyz Diýarymyzy gün kibi çoýýan milli Liderimiziň başda durmagynda haýran galdyryjy derejede özgerýän Türkmenistan Watanymyzy görmäge göz gerek taryplamaga söz gerek. Ata Watanymyzyň nurana geljegini sagdyn, bilimli, ruhubelent ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi, okamagy, döretmegi, işlemegi hem-de oňat dynç almagy barada taýsyz tagallalar edýär. „Türkmenistan rowaçlygyň Watany“ ýylynda ýaşlar üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Ataýewa B: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda geçirilýän“Türkmenistanöňe barýar eziz Arkadag bilen” atly baýramçylyk çäresi bilen , şeýle hem ýetip gelýän Türkmenistanyň halk maslahaty we ,Mukaddes şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bize şu ajaýyp bagtyýar durmuşy peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdi. Şeýle hem özüniň Ýürek buýsanjyny goşgy setirlerine geçirip „Arkadagyň ýoly bilen“, “Garaşsyzlyk baýramyn“,“Ýoluňyz rowan Arkadag“, „Bitarap Türkmenistan“ atly goşgularyny labyzly edip okap berdi.

  • “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany”

    “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy örän täsirli geçdi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde biziň watanymyz gülleýär, gül açýar. Ýetilen sepgitler barada, şeýle-de medeniýet pudagyndaky alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüňler edildi. Baýramçylyk dabaramyza çykyş etmäge gelen myhmanlar hormatly Prezidentimiziň il-ýurt üçin edýän atalyk aladalaryna köp sag bolsun aýtdylar.

  • “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”

    Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabyň nobatdaky ХI-nji tomy biziň pederlerimiziň örän baý mirasyny, halk tebipleriniň tejribesinden dörän gymmatlyklary öwrenmekligiň dowamy bolup durýar. Kitapda 118 sany türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Bu kitap ýokary derejede Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykan. Bu kitabyň 302-nji sahypasynda derman ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça we rusça sözlügi ýerleşdirilen. Mundan başgada 306-311 sahypalarynda bolsa dermanlyk çig mallary ýygnamaklygynyň senenamasy berilýär hemde kitabyň soňynda bolsa peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy berilýär. Kitabyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine,dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara we ýygnaýjylara, öňki bar bolan maglumatlaryny giňeltmekden ybaratdyr.

  • “ Arzuwlary altyn eýýama öwren Türkmenistan –rowaclygyň Watany” ady bilen geçirilen edebi duşuşyk

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Arzuwlary altyn eýýama öwren Türkmenistan –rowaclygyň Watany” ady bilen geçirilenn edebi duşuşyk agşamynda edilen söhbetler halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, müňýyllyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesiniň,watansöýüjilik buýsanjynyň,parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgeleriniň hasda berkeýändiginiň açyk görkezdi.
    Eziz Diýarymyzyň ösüşleri bizde uly buýsanç we şatlyk döredýär. Ýokarda agzaýşymyz ýaly hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli işler rowaç alýar. Ajap eýýamda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyz ykdysady, syýasy we medeni taýdan barha ösüp, buýsandyryjy sepgitlere ýetilýär.Ata Watanmyzda bolup geçýän bimöçwer özgertmeler beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, halkyň kalbyna deňelýän medeniýetiň ösmegine badalga berýär. Medeniýet bäş müňýyllyk geçmiş taryhly türkmeniň mähir- muhabbete eýlenen köňül nagmasydyr.

  • "Eýýamyň binagärlik keşbi – Watanymyzyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň nyşany" ady bilen geçirilen söhbetdeşlik

    Giriş sözini we söhbetdeşligi alyp baran : Döwlet kitaphanasynyň Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş kitaphanaçysy Şirliýewa Annagül, Söhbetdeşligiň esasy mazmuny : Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýip atlandyrylan 2019-njy ýylda dürli pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk ulgamynda uly işlere badalga berilendigini aýdyp, şu geçirilýän söhbetdeşlige “Güýçgurluşyk we Taslama gözegçiligi” Hojalyk jemgyýetiniň Hil boýunça inženeri hem-de şol kärhananyň şikes tapyjy işgäri. Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň esasy kitaphanaçysy. Döwlet kitaphanasynyň kitap saklanýan bölüminiň bölümçe müdiri. Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklanýan bölüminiň müdiri.
    “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durnukly ösüş ýolunda geljekde amala aşyryljak işleriň, ýetilmeli sepgitleriň, göz öňünde tutulýan ykdysady ösüşleriň ugry kesgitlenilýär. Şu maksatnama laýyklykda paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyklykda gurulýan ajaýyp binalar we dürli maksatly desgalar, älemgoşar reňkli güllere beslenen seýilgähler, köp sanly suw çüwdürimleri bu günki gün ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine görk goşýandygy barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

  • "Medeniýet galkynýar Arkadag bilen" ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy

    Gatnaşýan myhmanlar:
    1. Türkmenistanyň halk artisti, professor Nurmuhammet Keşikow
    2. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň edebiýat bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Berdi Bäşimow.
    4.Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň usulýet işleri bölüminiň müdiri Läle Annamyradowa.
    5. Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň esasy kitaphanaçysy Jeren Sadykowa.
    6. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wäşi talyplary.
    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belläp geçmek üçin alnyp barylýan işler barada we Türkmenistan döwletimizde milli sungatymyzy ösdürmäge ussat halypalaryň bitirýän işleri barada bellenip geçiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Medeniýet-halkyň kalbydyr” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guralar we umumy habar beriş serişdelerine, ýagny döwürleýin neşirlere, teleradioýaýlymlara maglumatar beriler, söhbetler guralar.

  • "Rowaç döwrüň belent ruhy, Arkadagyň kitaplary" ady bilen geçiren bäsleşigi

    Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi geňeşiniň ,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanalarynyň hünärmenleriniň arasynda „Türkmenistan- rowaçlygyň Watany“ ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli „Rowaç döwrüň belent ruhy, Arkadagyň kitaplary „ ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde esasan merkezi kitaphananyň hem-de olaryň şahamçalarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýazan “Enä tagzym- mukaddeslige tagzym“ we birnäçe ajaýyp eserleri hakynda, olarda ýerleşdirilen rowaýatlar esasynda bäsleşdiler, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirdiler. Bu bäsleşikde üstünlikli çykyş eden kitaphana işgärlerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi Geňeşi , Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

  • "Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni" ady bilen geçiren söhbetdeşligi

    Giriş sözini we söhbetdeşligi alyp baran : Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdir Kakaýewa Altyn.
    Söhbetdeşligiň esasy mazmuny
    : Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bellenip geçirilýän medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetly geçirilýän söhbetdeşlige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň MKU-nyň kitaphanasyň K. Gurbannepesow ad. şahamça müdiri hem-de Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Merkezi Ylmy kitaphanasynyň Bölüm müdiri, Döwlet kitaphanasynyň we Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary, Balkan welaýatynyň Serdar şaheriniň Merkezi şaher kitaphanasynyň müdiri, Mary welaýatynyň Mary şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Lebap welaýat kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy, Daşoguz welaýatynyň Çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzda medeniýetiň we sungatyň ösýändigi, kitaphana ulgamynda döwrebap işleriň alnyp barylýandygy barada gyzykly gürrüň edildi.

  • “Gözelligiň nusgasy sensiň, türkmen halysy” atly edebi duşuşygy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Gözelligiň nusgasy sensiň, türkmen halysy” atly edebi duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda türkmen haly sungaty dünýä ýaýraýar. Türkmen halysy özünde milli öwüşgini saklamak bilen birlikde dünýäniň dürli künjeklerinde tanalýar. Türkmen halylary diňe biziň ýurdymyzda däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde guralýan sergilerde bu inçe sungatyň kämilligini arşa göterip gelýär. Müňýyllyklaryň dowamynda olar özüniň altyn öwüşgini bilen türkmen taryhyndan habar berýär. Halynyň dokalşynyň, oňa salynýan nagyşlaryň her biri bir eser bolup, oňa düşünen adamyň öňünde bir syrly kitabyň manysy açylýan ýalydyr. Halyda türkmen baharynyň täsin gözelligi, dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, derýasy-deňzi bolan tebigatyň durky janlanýar.

  • GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň bu kitaphana sowgatlyk kitaplary gowşuryş dabarasy

    GDA-nyň agza ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergiler merkezinde GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň bu kitaphana sowgatlyk kitaplary gowşuryş dabarasy bolup geçdi. Onda çykyş edenler kitabyň gymmatlygy, kalplary ýakynlaşdyrmakda ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Sowgat berlen kitaplaryň arasynda soňky ýyllaryň iň gowy neşirleri, şeýle hem rus nusgawy we häzirki zaman edebiýatlary bar.