BIZIŇ TÄZELIKLERIMIZ

  • "Bagt kanunym adalatyň binýady, parlaýar diýarda bagtyň baýdagy" atly dabarasy

    „Türkmenistan- rowaçlygyň Watany “ ýylymyzda öz bilşimiz ýaly, her bir günümiz ajaýyp ösüşlere, rowaç işlere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen “ Bagt kanunym adalatyň binýady, parlaýar diýarda bagtyň baýdagy ”atly baýramçylyk dabarasy hem örän täsirli boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Her bir ýurduň syýasy- jemgyýetçilik durmuşynda onuň Konstitusiýasy möhüm orun eýeleýär. Çünki Konstitusiýa döwletiň syýasy we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň berk sütüni bolmak bilen, raýatlaryň we adamlaryň azatlygyny, hukuklygyny ileri tutmakda iň ygtybarly gorag hasaplanýar. Baş kanunymyzdan güýç, kuwwat alýan ýaşyl baýdagymyz döwletliligiň, erkinligiň, bakylygyň, parahatçylygyň, kepili bolup arassa asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde baky pasyrdap dursun!

  • Beýik Ýeňşiň 74-ýyllygyna bagyşlanyp “Ýeňiş bolup girdiň taryh gatyna“ ady bilen geçirilen dabara

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan ýaşaýşyň gadyryny bilip ýaşaýan halkymyzyň bu gün Beýik Ýeňşiň 74-ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy türkmen halkynyň, söweş meýdanynda, tylda-da görkezen gahrymançylykly, edermenlikleri hiç wagt ýatdan çykmaýar. Dabara gatnaşan myhmanlar Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy, ene-mamalarymyzyň ýowa giden gerçeklerimiziň ornunda zähmet çekip, görkezen mertligi hakynda aýdyp geçmek bilen ,pederlerimiziň watan goramakdaky ýol-ýörelgeleriniň biziň şu günki ýaşlarymyz üçin uly terbiýe mekdebidigni nygtadylar.

  • TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN DABARASY

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Dabaranyň çäginde “ Kamatyna älem haýran bedewiň” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem guraldy. Bu dabaraly maslahata ýurdumyzyň tanymal atşynaslary, döredijilik işgärleri, şahyrlardyr-ýazyjylar gatnaşdylar.

  • “MILLI MIRASYMYZ HALKYŇ HAZYNASY” ATLY EDEBI DUŞUŞYGY

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Milli mirasymyz halkyň hazynasy” atly edebi duşuşygy geçirildi. Duşusygyň dowamynda Ganryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy gymmatlyklaryny, söhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýändigi barada gürrüň edildi. Dabara gatnaşan myhmanlar: Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutyny Ylmy-teswir bölüminiň esasy ylmy işgäri Gurbangül Guzuçyýewa; Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy kafedrasynyň uly mugallymy,Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Akmyrat Çaryýew; Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky milli drama teatryndan Türkmenistanyň at gazanan artisti Isgenderowa Hurma we şol teatryň wäşi artistleri; Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Baş redaktorynyň orunbasary Şirli Mollaýew; Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty müzeýiniň ylmy barlag bölüminiň müdiri Söýün Sähetgylyjow.

  • “KITAPHANALARDA SANLY ULGAM” ADY BILEN GEÇIRILEN USULY MASLAHAT

    Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini kämmileşdirmek we internet tory arkaly kitaphanalaryň maglymat binýadyny baýlaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphanalarda sanly ulgam” ady bilen usuly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň iş tejribelerini baýlaşdyrmak, okyjylary kitaphana çekmegiň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, kitaphanalary elektronlaşdyrmagyň kämilleşdirişiniň ýollaryny öwrenmek, kiitaphananyň habar beriş çeşmeleriniň peýdalanyşyny ýokarlandyrmak hem-de kitaphana hünärmenleriniň ukyplaryny, başarnyklaryny seljermek barada gürrüň edildi. Medeniýet ulgamynda saýtlary döretmek we mahabatlandyrmak işlerini amala aşyrmak, şeýle-de internetde elektron kitaphana ulgamynyň işlerini kämilleşdirmegiň inçe tilsimleri barada, internet torunyň bökdençsiz işlemegi üçin bir näçe maslahatlar we düşündirişler berildi. Gatnaşan myhmanlar: Babaýew Maksat- Türkmenistanyň Şekilendiriş sungaty muzeýiniň mahabatlandyryş–neşir edijilik bölüminiň müdiri; Allaberenow Öwlýaguly “Nokat kompýuter” hojalyk jemgyýetiniň wekili; Aşgabat şäheriniň, welaýat kitaphanalarynyň müdirleri we hünärmenleri gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar bilen döwletli maslahatyň dowamy“tegelek stoluň” başynda işjeň dowam edip. kitaphana ulgamynyň kämilleşmegine aýratyn üns berýän medeniýetiň hak howandary Mähriban Arkadagymyza hoşşalyk sözlerini aýtdylar.

  • “NOWRUZ BAHARYŇ SOLTANY” ADY BILEN MILLI BAHAR BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILÝÄN BAÝRAMÇYLYK DABARASY

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda“Nowruz baharyň soltany” ady bilen Milli bahar baýramyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşan myhmanlar: Abdylhalyk Jumadow - Türkmenistanyň Prezidentiniň ”Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ”Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, “Medeniýet” žurnalynyň bölüm redaktory; Ýazgeldi Saryýew - Nyýazow ad. Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy; Akjemal Saparowa- halypa kärdeşimiz,”Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri”; Ogultagan Orazgulyýewa- halypa kärdeşimiz, ”Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy” ýubileý medalynyň eýesi. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr.Bu günki –gün Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy- medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýär diýip bellediler. Söhbediniň soňunda täze döreden goşgularyndan okap berdiler, seýle de hormatly Prezidentimize jan-saglyk, işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

  • >

    “ZEMINIŇ BEZEGI - MÄHREM ENELER” ADY BILEN GEÇIRILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Zeminiň bezegi- mährem eneler” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda “Türkmenistan–rowaçlygyň Watany” ýylynda Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň aýratyn joşguna eýe bolýandygy, milli mirasymyzy öwrenmekde, baýlaşdyrmakda ,wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmatynyň örän ulydygyny bellemek bilen, olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji- hazynasydygyny, deňsiz- taýsyz gymmatlykdygyny gürrüň berdiler.Söhbediniň soňunda täze döreden goşgularyndan okap berdiler. Dabara gatnaşan mynmalar: Dursun Tekäýewa- “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi; Döwletmyrat Nuryýew- „Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti“, ýazyjy; Goçy Annasähedow- ”Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy“ ýubileý medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, ýazyjy.

  • "TÜRKMENISTAN MEDENIÝETIŇ MEKANY" ATLY GEÇIRILEN SÖHBETDEŞLIGI

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyrmak bölüminiň, “Türkmenistan medeniýetiň mekany“ atly söhbetdeşliginiň dowamynda medeniýetimizi halkymyzyň kalbyna deňeýän Hormatly Prezidentimiz türkmen medeniýetiniň çyn howandarydyr. Türkmen medeniýeti baradaky ylmy maglumatlar toplanan, taryhyň gülleýiş zamanlaryndan söz açýan, şeýle-de belent mertebeli Arkadagymyzyň köp ugurly pikir ýöretmeleriniň, çuňňur ylmy seljermeleriniň esasyny özünde jemleýän, türkmen halkynyň milli medeni mirasyny ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän birnäçe kitaplary ýazyp halkyna sowgat berýändygy barada söhbet etdiler .