Aşgabat şäherinde ýerleşýän 20-nji çagalar bakja-bagynda “Päk ahlakly – ýaş nesiller ýetişýär” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

Aşgabat şäherinde ýerleşýän 20-nji çagalar bakja-bagynda “Päk ahlakly – ýaş nesiller ýetişýär” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonementi bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 20-nji çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Päk ahlakly – ýaş nesiller ýetişýär” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy.

  Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: Aşgabat şäherinde ýerleşýän …

Пресс-служба