Bibliografiýa bölüminiň alyp barýan işleri we bibliografiýa görkezijilerine syn

Image description

Bibliografiýa bölüminiň alyp barýan işleri we bibliografiýa görkezijilerine syn

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda  “Bibliografiýa bölüminiň alyp barýan işleri we bibliografiýa görkezijilerine syn” atly hünär okuw sapagy geçirildi. Hünär okuw sapagyna Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bibliografiýa bölümi özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we taýýarlanan bibliografiýa görkezijilerine syn berdiler. Bölüm ýurdumyzyň syýasy, ruhy ösüşini we milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezýän ylmy kömekçi bibliografiýa görkezijilerini, şeýle-de öz döredijiligi bilen edebiýatda, taryhda yz goýan şahsyýetler barada şahsy we hödürleýji bibliografiýa görkezijilerini taýýarlaýar. Bibliografiýa görkezijilerini nähili taýynlamak we olary okyjylara, ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra  bolsa hünär okuw sapagyna gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: Bibliografiýa bölüminiň alyp …

Пресс-служба