Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hindistan döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi myhmançylykda boldylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hindistan döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi Jenap Ganeş Haloi myhmançylykda boldy. Soňra gelen myhman Hindistan döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň okuw we medeniýet meselelerine jogap berýän işgäri Selbi Baýjanowanyň terjimeçilik etmeginde kitaphana gezelenç etdiler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda duz-çörek bilen garşylandy. Soňra olar kitaphanada alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Olar ilki bilen Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň işi bilen tanyş boldylar. Soňra myhmanlar türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergini,Ýazyjy-şahyrlaryň hem-de hemişelik,wagtlaýyn durýan sergileri baryp gördüler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda guralan döwrebap işler, kitaphanada okyjylara edilýän hyzmat hakynda söhbet etdiler. Soňra Hindistan döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde hem-de Seýrek neşirler bölüminde gezelençde bolmak bilen, seýrek neşirler bölüminde iň gadymy neşirler bilen hem tanyş boldylar. Soňra olar Döwlet kitaphanasynda guralan elektron katalogynyň işleri bilen hem gyzyklanmak bilen özleriniň soraglaryna jogap tapdylar.
Ссылка на источник информации: Döwlet kitaphanasynda Hindistan …