Dünýä döwletleri – Bolgariýa

Image description

Dünýä döwletleri – Bolgariýa

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri - Bolgariýa” atly kitap sergisi gurnaldy. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwlet baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy esasynda, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde, dostlukly Bolgariýa döwleti bilen hem özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet kitaphanasyna gelen okyjylar hem bu bolgar dilinde gurnalan kitap sergisiniň üsti bilen Bolgariýa döwletiniň taryhy, geografiýasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty bilen giňden tanyşdylar. Bu sergi bölüme gelen okyjylarda uly täsir galdyrdy.

    Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Ссылка на источник информации: Dünýä döwletleri – …

Пресс-служба