“Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” atly kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” atly kitaphana syny geçirildi.

 Kitaphana synynda çykyş edenler dünýä ýüzünde ekologiýa babatynda döreýän meseleler adamyň tebigata edýän täsiri netijesindedigini belläp geçdiler. Şonuň üçin hem, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgüsini ösdürmek ýurdumyzda döwlet derejesindäki syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki ekologiýa, daşky gurşawy adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir gözellik manysynda düşünilmän, eýsem ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän çeşme hökmünde kabul edilýär.

Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda  ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli  işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: “Ekologiýa we daşky …

Пресс-служба