“Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – ruhy kämilligiň çeşmesi”

Image description

“Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – ruhy kämilligiň çeşmesi”.

    Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň, talyp ýaşlarynyň arasynda “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – ruhy kämilligiň çeşmesi” atly söhbetdeşlik geçirildi. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi hem “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – ruhy kämilligiň çeşmesi” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher pähiminden dörän gymmatly kitaplary ýerleşdirildi. Kitaplary dost tutunan  ýaşlar üçin bu gurnalan sergi talyplar we mugallymlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri …

Пресс-служба