“Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaşlara ýol-ýörelge”

Image description

“Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaşlara ýol-ýörelge”.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölüminiň kitaphanaçylary alym, lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri, onkologiýada fitoterapiýa” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVIII jildi we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler”atly gymmatly eserlerini okyjylara tanyşdyrmak maksady bilen kitaphana synyny geçirdiler. Onda çykyş edenler “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik işiniň nobatdaky jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” we “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdygyny, kitabyň sahypalarynda gymmatly, şypaly topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň häsiýetleri, bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlaryň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleri, gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler”atly eseri dogrusynda gürrüň etdiler. Kitaphanaçylar bu ajaýyp eserleriň saglygy goraýyş işgärlere we şol ugurda bilim alýan talyp ýaşlar üçin gollanma boljakdygyny buýsanç bilen belläp geçdiler we “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýip, halkyň saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri …

Пресс-служба