Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Aşgabat şäheriniň 83-nji çagalar bakja-bagynda “Görogly şadessanynda bedewleriň waspy” ady bilen göçme kitap sergisini we söhbetdeşlik gurnadylar.
Bu göçme kitap sergisinde çagalar üçin ertekili kitaplar äkidilip ýerleşdirildi. Mundan başga-da çagalar üçin “Görogly” şadessany we bedewler barada çagalara giňişleýin gürrüňler edildi.
Bu göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik çagalar üçin edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ссылка на источник информации: “Görogly şadessanynda bedewleriň …