Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde "Gyz-gelinleriň terbiýesi" atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmeniň maşgala mukaddeslikleri, enäniň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsi, gyz-gelinleriň dünýäsi onuň gözelligi barada aýdylyp geçildi. Gyz-gelin edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmeniň keşdeçilik sungaty, onuň gadymylygy dogrusynda gyzykly gürrüňler çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy.
Wagyz nesihat çäresinde çykyş edenler şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
Ссылка на источник информации: "Gyz-gelinleriň terbiýesi" atly …