Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynda Täjigistan respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary dolyygtyýarly ilçisi Niýatbekzoda Wafonyň, şeýle hem şol ilçihananyň üçünji sekretary Raşidow Mahmaşarifyň gatnaşmagynda “Kitap dost-doganlyk köprüsi” ady bilen täjik edebiýatlarynyň sergisi guraldy.
Bu guralan kitap sergisinde, Täjigistan Respublikasynyň ýazyjy-şahyrlarynyň döreden eserleri, Gahryman Arkadagymyzyň täjik diline terjime edilen ajaýyp kitaplary, şeýle hem täjik edebiýatlarynyň türkmen diline geçirilen nusgalary bu guralan kitap sergisini bezedi.Kitaphana gelen okaýjylar türkmen we täjik dillerindäki kitaplar bilen giňişleýin tanyş boldular.Serginiň açylyşynda çykyş edenler iki doganlyk ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmeginde kitabyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.Şeýle hem kitap sergisiniň çäklerinde olar döwlet kitaphanasyna täjik dilindäki birnäçe edebiýatlary sowgat berdiler.Bu bolsa iki doganlyk halkyň medeniýetiniň we sungatynyň has hem ösmegine öz täsirini ýetirer.
Ссылка на источник информации: “Kitap dost-doganlyk köprüsi” …