“Kitaphana işgärleriniň hünär kämilligi”

Image description

“Kitaphana işgärleriniň hünär kämilligi”

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy-usuly bölümi tarapyndan talyplaryň arasynda “Kitaphana işgärleriniň hünär kämilligi” atly okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar. Bölümiň işgärleri kitaphanada alnyp barylýan işler dogrusynda, şeýle hem “Ylmy-usuly” bölüminde ýerine ýetirilýän işler dogrusynda talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler we sorag-jogap alyşdylar. 

     Şeýle täsirli okuw sapaklar, söhbetdeşlikler we maslahatlar talyplarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam edýär. Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, neşirleri  aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: “Kitaphana işgärleriniň hünär …

Пресс-служба