“Kitaphana-paýhas dürdäneleriň ojagy” atly söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Ýaş alymlar bilen “Kitaphana-paýhas dürdäneleriň ojagy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, ýurdumyzda bellenip geçilýän 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň  kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklandy. Döwlet maksatnamasynyndan ugur alyp   Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Ýaş alymlar we kitaphanaçy hünärmenleriň gatnaşmagynda “Kitaphana-paýhas dürdäneleriň ojagy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaphanalarda alnyp barylýan  kitaphana  işi barada we kitaphana gelýän okyjylara ýokary derejede hyzmat etmek we sanly ulgamlardan peýdalanmak  ýaşlarda kitaba bolan  höwesini artdyrmak barada giňişleýin gürrüň berdiler. Kitaphananyň baý gaznasyndan “Kitap ynsanyň dosty“ atly kitap sergi hem gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi –atly kitabynyň  “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar“ atly bölümde ylym-bilim barada şeýle diýýär.

- Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr. Alan bilimi bilen kanagat edip, özüniň ukybyny we başarjaňlygyny ösdürýän adam dürli hünärlere gol berer. Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär. Ylymda bolsa, pikir birinjidir. Ylymyň miwesi dünýägaraýşyň çuňlugynda, köp bilmekde we ýaşaýşyň akymyna sazlaşykly goşulmakdadyr–diýip belläp geçýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Ссылка на источник информации: “Kitaphana-paýhas dürdäneleriň ojagy” …

Пресс-служба