“Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnak geçirildi

Image description

“Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnak geçirildi.                                                                                     

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnagyny geçirdi. Bu gurnakda   çykyş edenler kitaphanalarda okyjylara hyzmat etmekligiň dürli görnüşleri, olara medeni köpçülik işleriniň üsti bilen ýagny okyjylar maslahatlary, edebiýat we döredijilik duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler, şeýle hem kitaphana synlarynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Mundan başga-da  kitaphanalarda kitap sergisini guramaklygyň dürli görnüşleri : Hemişelik, wagtlaýyn we göçme sergileri guramaklygyň düzgünleri barada aýdyp geçdiler şeýle hem gurnaga gatnaşan talyplar  bilen bilelikde “Edebi miras- ebedi miras” atly tematiki kitap sergisi guraldy. “Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnaga gatnaşan talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ссылка на источник информации: “Kitaphana rowaçlyga badalga” …

Пресс-служба