"Miras" teleýaýlymy bilen bilelikde “Nowruz geldi güle besläp Diýarymy” atly söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

"Bagt köşgi" toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy "Miras" teleýaýlymy bilen bilelikde “Nowruz geldi güle besläp Diýarymy” atly söhbetdeşlik gurnaldy.

       Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgärleri “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda her bir günümiz toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde biziň milli baýramçylygymyz bolan  Halkara Nowruz baýramy giňden bellenilýär, al-elwan güllere beslenip gelen Nowruz baýramynda birek-biregiň arasyndaky gadyrly gatnaşyklar ýaz ýakymyndan has-da nurlanýandygy, türkmen ilimiziň göwni ýaly giň, ýüregi dek arassa tebigatymyza Hakyň eçilen gudrat-keremleri jenneti gözellik kimin baky ornar diýip bellediler. Keramatly topragymyzy läle-reýhan kylyp gelýän bahar paslynyň gözel keşbinde-de türkmen kalbynyň tämizligi, owadanlygy görünýär diýip, täsirli söhbet etdiler. Bizi şeýle owadan, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ссылка на источник информации: "Miras" teleýaýlymy bilen …

Пресс-служба