“Nowruz-dost-doganlygyň, parahatçylygyň we döredijiligiň baýramy!” ady bilen Milli bahar baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde  “Nowruz-dost-doganlygyň, parahatçylygyň we döredijiligiň baýramy!” ady bilen Milli bahar baýramy mynasybetli dabara geçirildi.

    Dabarada çykyş edenler Milli bahar baýramy bolan, Halkara Nowruz baýramy, onuň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, Halkara Nowruz baýramynyň biziň türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän Milli baýramymyz bolup durýandygy, onda dürli näz-nygmatlar bilen saçaklaryň bezelýändigi barada aýtdylar. Milli bahar baýramynda türkmeniň milli tagamy bolan semeni taýýarlanylyp, ol goňşylara paýlanýar. Nowruz baýramy başgaça aýdanyňda täzelenşiň, täze günüň başlanýandygy, tebigatyň janlanyp, daýhanlaryň ene ýere ”Biriň müň bolsun!” diýip, tohum sepýändiginiň özboluşly alamatydyr. Adamlar elmydama tebigat bilen ajaýyp sazlaşykda bolmak bilen Nowruz baýramy hem şeýle ajaýyp sazlaşygyň özboluşly baýramy bolup durýar. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen, Nowruz baýramy hakynda öz döreden goşgularyny okadylar.

    Dabaranyň çäklerinde “Jahany jana getiren Nowruz geldi ilime” atly kitap sergisi gurnaldy. Okyjylarymyz bu kitap sergisi arkaly özleriniň dürli sowallaryna jogap tapdylar.

    Çykyş edenler dabaranyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: “Nowruz-dost-doganlygyň, parahatçylygyň we …

Пресс-служба