"Nowruz geldi ilime reňbe-reň gül açyp" ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Ilkinji Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti bilen bilelikde "Nowruz geldi ilime reňbe-reň gül açyp" ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

    Çykyş edenler:Nowruz topragyň janlanýandygyny aňladyp, galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi emele getirýär. Bu gadymy baýram 2016-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baýramda nowruzuň özboluşly tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşy barada aýdyp geçdiler.

   Çärä gatnaşanlar her bir günümiziň toýdyr baýramlara beslenip, ýurdumyzyň abadan, parahat bolmagy üçin aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Ссылка на источник информации: "Nowruz geldi ilime …

Пресс-служба