Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary “Halk Maslahaty- Türkmenistanyň milli demokratiýasynyň aýdyň ýoly” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnadylar. ”Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçiriljekdigi we halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, tekliplerini öwrenip, bagtyýar ýaşaýşymyz üçin möhüm meselelere serediljekdigi dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem Halk maslahatynyň asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirligimiziň, milli demokratik ýörelgelerimiziň aýdyň beýanydyny belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş eden mugallymlar talyp ýaşlary ylymdan-bilimdn paýly ,edepli, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmekleri ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ссылка на источник информации: Tegelek stoluň başyndaky …