“Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen”

Image description

 “Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen”

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen” ady bilen Aşgabat şäherindäki 22-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi. Bu ýerde terbiýelenýän çagalara dürli temalara degişli ertekilerden okap berdiler we olar bilen söhbet etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpejeler  barada edýän atalyk aladalaryny çagalara düşündirdiler. Söhbetdeşligiň  çäginde “Kitap – meniň dostum ” atly göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Bu gurnalan sergi olarda kitaba bolan uly gyzyklanma döretdi.

   Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: “Terbiýe söz bilen, …

Пресс-служба