Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary gezelençde boldylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary bilen gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gadymyýetiň baý taryhyny sahypalarynda saklaýan kitaplaryň kitaphanalarda aýawly saklanyp ýaş okyjylarymyza ýetirýändikleri üçin kitaphana işgärlerine minnetdarlyk bildirmek bilen çäklenmän eýsem kitaphana bilen ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklaryny talyp ýaşlarymyz uly buýsanç bilen bellediler.Gezelenje gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, ýaşlara okamaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Ссылка на источник информации: Türkmen döwlet medeniýet …