“Ýazyjy- şahyrlary ýatlap”

Image description

“Ýazyjy- şahyrlary ýatlap”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň “Ruhy çyragym” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr we uruş weterany “Gara Gylyjowyň ömri we döredijiligi” hakynda ýazgy edildi. Hünärmenler şahyryň kitaphanamyzyň hazynasynda bar bolan kitaplary we şygyrlary baradaky maglumatlary giňişleýin açyp görkezdiler we şygyrlaryndan okap berdiler.Şeýle gürrüňdeşlikleriň geçirilmegi bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamagyna giň mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Ссылка на источник информации: “Ýazyjy- şahyrlary ýatlap”

Пресс-служба