Ýaş alymlaryň hem-de hünärmenleriň gatnaşmagynda “Ylym-bilim-berk binýat” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasymyzy öwrenmekde uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi bilen Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň merkezi Ylmy kitaphanasy we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýaş alym mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Ylym-bilim-berk binýat” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaş alymlar hem öz çykyşlarynda ylym-bilim barada şeýle-de kitaphana ulgamynda sanly ulgamy boýunça has giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde bolsa kitaphananyň baý gaznasyndan “Kitap ynsanyň dosty“atly kitap sergi hem gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Ссылка на источник информации: “Ylym-bilim-berk binýat” atly …