Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler- ösüşiň özeni

Image description

Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler- ösüşiň özeni.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy kitaphana işgärleri bilen ylym-bilimiň ösüşi, ýaş nesilleriň terbiýesi dogrusynda ýazgy edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem uly ösüşlere ýetilýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap orta we ýokary okuw jaýlary, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulyp ulanylmaga berilmegem munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny ylmy–usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap ylymly-bilimli edip terbiýelemekde ,kitaby dost tutunmakda kitaphanaçylaryň hem paýynyň uludygy dogrusynda kitaphana işgärleri çykyş etdiler. Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ссылка на источник информации: Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler- …

Пресс-служба