-
12
Май
«Arkadagly, ak ýolly, gülle Türkmenistanym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadagly, ak ýolly, gülle Türkmenistanym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz- nesihat çäresine dürli ýerlerden myhmanlar, halypa kitaphana işgärleri gatnaşyp, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Aşgabat şäherimiziň binägärlik gurluşy dogrusynda , gülleýän paýtagtymyzyň ösüşleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler we çärä gatnaşyjylar bilen sowal-jogap alşyldy. Wagyz- nesihat çäresine gatnaşyjylar mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.