-
14
Май
«Bagt kanunym adalatyň binýady, parlaýar diýarda bagtyň baýdagy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanýan “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 2021-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň baýramy giňden bellenilip geçilýär.
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň ösüşini, konstitusion gurluşyny, raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny hem-de döredijilikli zähmetini üpjün etmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde raýatlyk işjeňliginiň, halkyň Konstitusiýa, Döwlet baýdagyna uly hormat-sarpasynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Bagt kanunym adalatyň binýady, Parlaýar diýarda bagtyň baýdagy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Görki nurana Baýdagym” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.