-
13
Декабрь
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabyndan söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitaby hakynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly üstünlikler bilen taryha ýazylýar. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy-filosofiki, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazynamyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut şu jähtden ilimize serpaý eden eserleri türkmen paýhasynyň kemala gelmeginde tapylgysyz milli ruhy we medeni gymmatlygymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy ýakynda bize serpaý eden şeýle ajaýyp eserleriniň biri hem “Hakyda göwheri” atly kitabydyr. “Hakyda göwheri” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir.
Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler!