«MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS»

  • «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras»

    «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras»

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet maliýe instituty bilen bilelikde“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras” atly kitap sergisini gurady. 

        Bu kitap sergisinde türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda adamzadyň müdimi gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, olaryň many-mazmunyny şygryýete salyp, nesillere miras galdyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde watançylyk, ynsanperwerlik, mertlik, öwüt-nesihat meseleler bilen bir hatarda, XVIII asyrda Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşan türkmenleriň ruhy we maddy medeniýetine degişli gymmatly maglumatlar hem berilýär. Şahyryň öz duýgusyny beýan edişiniň üytgeşik bolşy ýaly, onuň gözellikleri görşi, içki dünýäsi bilen kabul edişi-de başgaça. Şol gözellikler şygyr setirlerine siňende bolsa aýratyn bir täsinlik döreýär. Muny akyldar şahyrymyzyň şygryýet dünýäsine seýrana çykan pursatyňda bada-bat duýýarsyň. Kitap sergisine gatnaşyjylar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler

    .