-
09
Декабрь
“Rowaç eýlär ynsanperwer ýollary, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Rowaç eýlär ynsanperwer ýollary, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýan Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýy uludan tutulýar. “Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistandyr!” diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi.
Ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!