-
05
Август
“Söz ussady Magtymguly Pyragy”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Oba-hojalyk
edebiýatlary bölümiň gurnamagynda “Söz ussady Magtymguly Pyragy” ady bilen tegelek
stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we
döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenman, eýsem
umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-
namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwrülip giden gymmatly setirleri, ajaýyp
goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.