“TÄZE ÝYL” BAÝRAMÇYLYGY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

  • “Täze ýyl” baýramçylygy mynasybetli söhbetdeşlik

    “Täze ýyl” baýramçylygy mynasybetli söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Täze ýyl” baýramçylygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. 

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, eziz Watanymyzyň parahatçylyk babatda gazanýan üstünlikleri barada şeýle-de döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz, türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýändigi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Täze ýyl baýramçylygyny ýagşy arzuw-niýetlere besläp garşylaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdile

    r.