-
04
Май
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, B.Amanow ad.Döwlet çagalar kitaphanasy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň”Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara gatnaşan myhmanlar hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň özbek dilinde terjime edilmegi bilen gutlap, ”Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby hakynda giňişleýin söhbet etdiler we bu ajaýyp kitaplaryň dost-doganlyk halklarynyň arasynda hem gyzgyn goldawa mynasyp bolýandygy hakynda aýdyp geçdiler.Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimize alkyş sözlerni aýtdylar.