TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ SEÝREK NEŞIRLER BÖLÜMI TARAPYNDAN “GADYMY NUSAÝ ŞÄHERI ”- ATLY KITAP SERGISI GURNALDY.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Gadymy Nusaý şäheri ”- atly kitap sergisi gurnaldy.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Gadymy Nusaý şäheri ”- atly kitap sergisi gurnaldy.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen
    halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz
    Arkadagly Gahryman Serdarymyz gadymy mirasymyzy gorap saklamak we ony
    geljeki nesillere ýetirmekde uly aladalar edýär. Milli mirasy düýpli öwrenmek,
    gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri
    aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher
    paýhasyndan çykan “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly
    kitabynda şeýle diýýär: “Häzirki wagta çenli toplan tejribämiň belli bir böleginiň
    şu gadymy mekan bilen baglanyşyklydygy mende buýsanç duýgusyny döredýär.
    Bu gadymy toprak syrlylygy bilen dünýä alymlaryny özüne çekýär. Belli bolşy
    ýaly 2007-nji ýylda Nusaýyň taryhy ýadygärlikleri BMG-niň bilim, ylym we
    medeniýet baradaky edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň
    sanawyna girizildi”. Döwlet kitaphananyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga
    zalynda gurnalan “Gadymy Nusaý şäheri”- atly kitap sergisi giň okyjy
    köpçüligine niýetlenen. Esasanam bu sergide ýurdumyzyň taryhyna degişli bolan
    kitaplar sergide öz beýany tapýar.
    Milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyp beren türkmen halkynyň Milli
    Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
    Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli
    işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.