-
02
Сентябрь
Türkmenistanyň halk artisti, saz öwreniji-etnograf W.A.Uspenskiniň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda
Sungat bölüminiň gurnamagynda Türkmenistanyň halk artisti, saz öwreniji-
etnograf W.A.Uspenskiniň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanyp
söhbetdeşlik geçirildi.
Bilşimiz ýaly, Wiktor Uspenskiý Türkmenistanyňyň dürli ýerlerinde bolup,
türkmeniň ajaýyp aýdym-sazlary barada maglumatlar ýygnap, olary nota
ýazgylaryna geçirip, özüniň “Türkmen sazy” atly kitaby arkaly halkymyzyň
aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýan sazşynasdyr. 1973-nji ýylda zehinli režissiýor
A.Garlyýewiň surata düşüren “Mukamyň Syry” kinofilminden Uspenskiniň
şekiliniň bar bolan ýerlerinden görkezilen bölekler we bölümiň
kitaphanaçylarynyň beren gürrüňleri söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir
galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur
öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny,
tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.