-
04
Май
Watanyň kitapsöýüji nesilleri
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe mähriban ýaşlarymyzyň ylym-bilimlerini, gözýetimini giňeltmek, hem-de köp okyjylary özüne çekmek maksady bilen, biziň Döwlet Kitaphanamyzda ýylyň ýylyna “Kitapsyz öý – Otsuz ojak ýalydyr” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw jaýlarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Şol bäsleşigiň soňky tapgyry 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanyp, 2021-nji ýylyň maý aýynyň ahyrlarynda jemlenildi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 1-nji orna M.Garryýew ad.Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Orazgeldiýew Öweznepes, 2-nji orna Magtymguly ad.Türkmen Döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Muhammetnazarow Yhlas, 3-nji orna M.Garryýew ad.Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Begenjow Baýram eýe boldular. Orta mekdepleriniň arasynda bolsa 1-nji orna Ahal wel Akbugdaý etr 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Annameredow Didar, 2-nji orna şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Patşagulyýew Kuwwat, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Begniýazowa Täjijahan mynasyp boldular.
Döredilýän mümkinçiliklere talyplardyr okuwçylar öz gezeginde Mähriban arkadagymyza öz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hormatly Arkadagymyzyň jany sag bolsun il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.