-
29
Ноябрь
“Ýüreklere şaýol salan-Akyldar” ady bilen tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik we “Magtymguly milli-ruhyň şahyry” ady bilen kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Ýüreklere şaýol salan-Akyldar” ady bilen tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Magtymguly Pyragynyň bize miras goýan şygyrlary köňülleriň köşgi, kalplaryň buýsanjy, dilimiziň egsilmez çeşmesidir. Onuň ýazan şygyrlary bütin adamzat dünýäsi üçindir. Şahyryň “Türkmeniň” goşgusynda : Beg, töre, aksakgal ýurduň eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniň – diýen setirlerindäki şol arzuw-islegleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amal boldy. Şahyryň şygyrlary geçmişiň ýaňy, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup ýaňlanýar, diýip çykyş edenler öz çykyşlarynda giňişleýin bellediler. Magtymguly atamyz ähli ýürekleriň hem-de ähli göwünleriň şahyrydyr. Şeýle-de şol söhbetdeşligiň çäginde “Magtymguly milli-ruhyň şahyry” ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeyle-de Magtymguly Pyragynyň il agzybirligini, ýurt berkararlygyny arzuwlan watançylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik hakynda ýazan kitaplary goýlup, ol sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Serginiň çäginde bagtyýar talyp ýaşlar we kitaphanaçy hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadgymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aytdylar.