-
31
Май
Zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi
Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi.
Ýatlama çäresinde ajaýyp türkmen sazlaryny döredip, ýurdumyzda milli medeniýetiň we türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüşine özüniň saldamly goşandyny goşan zehinli kompozitorlaryň biri bolan Türkmenistanyň halk …
ДАЛЬШЕ -
23
Май
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, «Aziýanyň merjeni, Arkadag Serdarly gözel Aşgabat» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aziýanyň merjeni, Arkadag Serdarly gözel Aşgabat» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamyna gatnaşyjylar Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp ösüşleri barada, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň …
ДАЛЬШЕ -
12
Май
«Arkadag Serdarly Watan — ömrümiziň çyragy, adyň giň jahana doldy, Magtymguly Pyragy!» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Arkadag Serdarly Watan — ömrümiziň çyragy, adyň giň jahana doldy, Magtymguly Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň şeýle …
ДАЛЬШЕ -
12
Май
«Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, Garaşyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Döwlet Baýdagynyň we Konstitusiýamyzyň baýramçylygy hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, barha belent sepgitlere ýetýän döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy hakynda giňişleýin durup geçdiler.
… ДАЛЬШЕ -
11
Май
«Arkadag Serdarly döwrüň Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we gaz unwersiteti bilen Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly döwrüň Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy …
ДАЛЬШЕ -
02
Май
«Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitabyň ynsan üçin çörek ýaly mukaddesligi, onuň terbiýe mekdebiligi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Bilşimiz ýaly, köp kitap okan adamyň dünýägaraýşy giň bolýar, ol durmuşda öz öňde goýan maksadyna ýetýär we hiç haçan …
ДАЛЬШЕ -
01
Май
«Ýurdumyzda kitaphanalary ösdürmekde döwrebap işler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Ýurdumyzda kitaphanalary ösdürmekde döwrebap işler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ulgamlarynyň biri bolan kitaphanalarda okyjylara döwrebap hyzmat etmeklikde täze usullar, elektron kitaphana ulgamynyň kitaphanalarda ýola goýluşy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşlige …
ДАЛЬШЕ -
30
Апрель
«Gadamy batly, baky şöhratly bedew» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz — hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýär. Biz hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bu baýramçylyk mynasybetli «Gadamy batly, baky şöhratly bedew» atly baýramçylyk dabaramyzy bu baýramçylyga uly sowgadymyz hökmünde geçirdik. Bu …
ДАЛЬШЕ